Hytaýda 11 787 sany dron ulanylyp geçirilen şüweleň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 24.06.2025 00:22
  • 8.8k+

Hytaýyň Çuňsin şäherinde dünýäde iň uly dronly ýagtylyk şüweleňi geçirildi. 17-nji iýunda Ýanszy derýasynyň üstünde bir wagtyň özünde 11 787 dron asmana galdy — bu görkeziji öňki dünýä rekordyny (10 197 dron) täzeledi. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy.

“Haýran ediji Çuňsin” ady bilen geçirilen 15 minutlyk çykyş şäheriň döredilmeginiň 28 ýyllygyna bagyşlandy. Dronlar asmanda dag tebigat görnüşleri, gül açan kameliýalar, köprüleriň nyşanlary we baýramçylyk ýazgylary ýaly animasion şekilleri emele getirdiler. Guramaçylaryň berýän bahasyna görä, şüweleňe takmynan 100 müň adam tomaşa etdi.
“8D şäher” hökmünde tanalýan Çuňsin depeli ýerüsti we köp gatly gurluşyklary zerarly bu taslama üçin kyn meýdança boldy. Şeýle şüweleňi geçirmegiň özi ýokary takyklykly nawigasiýany talap etdi, sebäbi daşky päsgelçilikler mümkinçiligine garamazdan ähli hereketler sazlaşykly bolmalydy.
Dronlaryň uçuşyny utgaşdyrmak üçin onlarça baza stansiýalary, GPS arkaly takyk sinhronizasiýa ulgamy we awtonom marşrut dolandyryş algoritmleri ulanyldy. Şüweleňden öň topar köp tapgyrly synaglary, simulýasiýalary we gijeki repetisiýalary geçirdi.
Her bir dron tehniki näsazlyk bolanda howpsuz ýagdaýda gonmagy üpjün edýän adatdan daşary ýagdaý ulgamy bilen enjamlaşdyryldy — bu ýerde howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berildi.


düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 11:17
3.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......