Ägirt uly aýsberg Grenlandiýanyň obasyna golaý ýüzüp bardy. Ol ýaşaýjylara howp salýar

  • 16.07.2025 12:01
  • 18k+

Grenlandiýanyň günbatar kenaryndaky Innaarsuit obasynyň ýaşaýjylary ägirt uly aýsberg sebäpli ewakuasiýa edildi. Buz iki bölege bölündi we häzir balyk zawodyndan hem azyk dükanyndan birnäçe metr uzaklykda obanyň üstüne abanýar diýip, Bild ýazýar.

Aýsbergiň beýikligi 100 metrden geçýär, agramy bolsa, hünärmenleriň hasaplamagyna görä, 11 mln tonna ýetýär. Ýerli ýaşaýjylar aýsbergi bir hepde mundan ozal gördi. Ilkibaşda akym ony bir tarapa alyp gitdi, ýöne şu hepdäniň başynda ol gaýdyp geldi we indi bütinleý diýen ýaly hereketsiz dur.
Ýerli häkimiýetler adatdan daşary ýagdaýy yglan edip, ýerli ýaşaýjylaryň bir bölegini ewakuasiýa etdi. Ilata seresaply bolmak tabşyryldy, çünki aýsbergiň ýumrulmagy obany basyp biljek güýçli tolkunlara getirip biler.
Şeýle ýagdaý Innaarsuitde 2018-nji ýylda hem boldy. Şol wagt ilatly ýere başga aýsberg ýakynlaşdy we ýaşaýjylar ewakuasiýa edildi. Ýöne heläkçilikden gaçmak başartdy – aýsberg ýüzüp daşlaşdy. 

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......