Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar

  • 30.06.2025 10:53
  • 4.2k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda geçirilen uly tanyşdyryş dabarasynda AI Glasses atly akylly äýneklerini hödürledi. Enjamda wizual interfeýs ýok, diňe ses arkaly dolandyrylýar. Sensor panel sag tutaryň üstünde ýerleşýär.

Äýneklere dioptriýasyz reňkli linzalary, resept boýunça düzülýän ýa-da elektrohrom linzalary dakyp bolýar. Enjamyň agramy 40 gram.
AI Glasses Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon AR1 platformasyna esaslanýar we Xiaomi tarapyndan işlenip düzülen Vela operasion ulgamynda işleýär. Ýerli kamera Sony IMX681 12-megapiksel sensor bilen enjamlaşdyrylan, 2K çözgütdäki wideony sekuntda 30 kadrda ýazga alyp bilýär we obýektleri tanamak üçin ulanylýar.

Sesli buýruklar we jaňlar üçin süňk arkaly geçiriji we goh-galmagaly basyp ýatyryjy bäş mikrofon göz öňünde tutulypdyr. Ses tutarlara gurnalan dinamikalar arkaly ýaňlanýar. Ýerli sesli kömekçisi hökmünde Xiao Ai ulanylýar.
Batareýasynyň sygymy 263 mA·sagat. Öndürijiniň aýtmagyna görä, äýnekler 8 sagat 36 minut özbaşdak işläp bilýär, bu bolsa bäsdeş Ray-Ban Meta bilen deňeşdireniňde iki esse diýen ýaly uzak. Zarýad USB Type-C porty arkaly berilýär.
Model gara, goňur we ýaşyl reňklerde hödürlenýär. Häzirlikçe satuw diňe Hytaý bazarlary bilen çäklendirilýär. Bahasy 1999 ýuan (takmynan, 278 dollar).


18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......