Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi

  • 14.07.2025 11:52
  • 9.4k+

13-nji iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän köpugurly sport toplumyna geldi we bu ýerde adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde gidip barşyna, jana tenekar ýakymly howa gurşawy bolan giňişligi synlady.
Gahryman Arkadagymyz Awazanyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän sport toplumynyň ýanynda saklandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumda irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň daşyna çykyp, deňziň kenary boýunça welosipedli gezelenjini dowam etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz deňziň kenarynda birsellem gezim etdi we gezelenjini welosipedde dowam edip, kenaryň saýaly baglara beslenen künjegini synlady.


şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 11:24
5.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.9k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......