Pekinde adampisint robotlaryň 70-den gowrak topary ýarym marafonyň öňüsyrasynda ylgawa çykdy

  • 14.04.2026 20:51
  • 4k+

Pekinde adampisint (gumanoid) robotlar üçin Hytaýyň taryhynda ikinji gezek geçiriljek ýarym marafona taýýarlyk synaglary başlandy. Oňa ýüzden gowrak robot gatnaşar.

21 kilometr aralyga resmi ylgaw 19-njy aprelde E-Town ösüş zolagynda meýilleşdirilýär. Onuň maksady robotlary hakyky ulanyş şertlerinde barlamakdan ybaratdyr. Gijeki synag ylgawynyň çäginde 70-den gowrak topar çelgi alyş derejesini, enjamlaryň sazlaşygyny we robotlaryň adatdan daşary ýagdaýlara täsirlenişini barladylar. Hytaýyň Elektronika institutynyň wekili Lýan Lýanyň sözlerine görä, bu ýyl wezipe ep-esli kynlaşdy. Ýagny toparlaryň takmynan 40%-iniň indi doly awtonom nawigasiýany ulanýandyklary bilen baglylykda, täze nominasiýalar, şol sanda durnuklylyk we pellehana ýetmegi başarmak ukyby üçin baýraklar girizildi.

Köp işläp taýýarlaýjylar üçin bu aralyk uly kynçylyk bolup galýar. Geçen ýylky ýaryşda 21 robotdan diňe altysy pellehana ýetmegi başarypdy. Gatnaşyjylar bogunlaryň we hereketlendirijileriň gyzmagy, şeýle hem batareýalaryň tiz çökmegi ýaly birnäçe tehniki bökdençlikleri belleýärler. Meselem, Hytaýyň Oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri robotyň şaýlaryny gönümel akkumulýatorlaryň çalşylýan wagtynda sowatmaly boldular.

Şeýle-de bolsa, tehniki kynçylyklara garamazdan, ýaryşa bolan gyzyklanma ep-esli artdy. Gatnaşýan toparlaryň sany ilkinji ylgaw bilen deňeşdirilende bäş esse diýen ýaly köpeldi. Inženerler robotlaryň dolandyryş algoritmlerini we gurluşyny kämilleşdirmegiň hasabyna netijeleri gowulandyrmaga umyt edýärler.


18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....