ABŞ köp ýurtlar üçin gümrük paçlarynyň ýokarlandyrylmagyny yza süýşürdi, emma Hytaý üçin nyrhlary 125%-e çenli ýokarlandyrdy

  • 10.04.2025 15:45
  • 14k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurtlaryň köpüsi üçin gümrük paçlarynyň ýokarlandyrylmagyny 90 gün yza süýşürýändigini mälim etdi. Şol wagta çenli 10% möçberindäki nyrhlar güýjünde bolar diýip, ol Truth Social sosial torunda habar berdi.

Şol bir wagtda bolsa, Hytaýdan getirilýän harytlar üçin gümrük paçlary 104%-den 125%-e çenli ýokarlandyrylar. Bu çözgüt derrew güýje girer diýip, Ak tamyň ýolbaşçysy aýtdy.
Tramp wagtlaýyn ýeňillikden haýsy ýurtlaryň peýdalanjakdygyny anyklaşdyrmady. Onuň sözlerine görä, bu ýeňillik ABŞ bilen söwda ylalaşyklary boýunça gepleşikleri alyp barýan hem-de «ýurda hiç hili garşy çykmaýan» döwletlere degişli bolar. Trampyň sözlerine görä, şeýle gepleşikleri häzirki wagtda 75-den gowrak ýurt alyp barýar.
Bu beýanatdan soň, ABŞ-nyň birža indeksleri güýçli ösüş görkezdi. «CNN-iň» habaryna görä, çarşenbe güni bazaryň ýapylmagy bilen giň bazar indeksi S&P 500 9,52% ýokarlandy, ýokary tehnologiýaly Nasdaq indeksi 12,16% ösdi, senagat indeksi Dow Jones bolsa 7,87% artdy. S&P 500 üçin bu ösüş 2008-nji ýylyň oktýabryndan bäri iň uly ösüş boldy, Nasdaq üçin 2001-nji ýylyň ýanwaryndan bäri, Dow Jones üçin bolsa soňky bäş ýyldaky söwda sessiýalarynyň iň gowy netijesi boldy.
Tramp girizilen nyrhlaryň gazna bazarlarynyň çökmegine sebäp bolandygyny inkär etdi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaýyň sebäbi «ulgamlaýyn meseleler» bilen baglydy.
Ýatlatsak, 2-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti dünýäniň köp ýurtlaryna garşy gümrük paçlarynyň girizilýändigini yglan edipdi. Şondan bir gün soň, ýagny 3-nji aprelde dünýä boýunça gazna bazarlaryndaky paýnamalaryň bahalary düýpli aşak gaçyp başlady. Şol günki netijeler COVID-19 pandemiýasy başlany bäri, dünýäniň gazna bazarlary üçin iň ýaramaz gün boldy. Aziýa we Ýewropa gazna indeksleri soňky birnäçe aýyň we ýylyň iň pes derejesine düşdi diýip, «Kommersant» neşiri belleýär.
Waşingtonyň hereketlerine jogap hökmünde, Hytaý ABŞ-dan getirilýän ähli harytlara salynýan gümrük paçlaryny 84%-e çenli ýokarlandyrdy. Ýewropa Bileleşigi bolsa, «temmäki, motosikl, guş eti, polat we alýumin» ýaly birnäçe amerikan harytlaryna 10%-den 25%-e çenli nyrh girizmek boýunça ylalaşdy.

«ÝB ABŞ-nyň gümrük paçlaryny esassyz we weýran ediji hasaplaýar, olar iki tarapa-da, şeýle hem dünýäniň ykdysadyýetine-de zyýan ýetirýär» — diýip, Ýewrokomissiýanyň wekilleri aýtdylar. Şeýle-de olar ABŞ bilen «adalatly we deňagramly ylalaşyklary» tapmaga taýýardyklaryny belläp geçdiler.

Biraz soňra Ýewrokomissiýanyň ýolbaşçysy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşiginiň ABŞ-a girizen jogap gümrük paçlaryny 90 gün möhlet bilen yza süýşürendigini habar berdi.

«Biz ara gelmäge mümkinçilik bermek isleýäris»,— diýip, fon der Lýaýen Х sosial sahypasynda ýazdy.


düýn 22:09
708

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
540

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
4k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 10:26
558

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......