2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

  • 02.06.2026 21:16
  • 6k+

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän FutuRaM taslamasynyň gatnaşyjylary şeýle netijä geldiler.

Gözlegçiler ilkinji gezek Ýewropanyň «şäher şahtasy» diýlip atlandyrylýan çeşmesiniň, ýagny köne elektronikalarda, ulanyşdan galan awtoulaglarda, akkumulýatorlarda, ýel turbinalarynda, gurluşyk we senagat galyndylarynda saklanýan gymmat baha materiallaryň gorlarynyň jikme-jik kartasyny taýýarladylar.

Taslamanyň çenlik ölçeglerine görä, asyryň ortalaryna çenli Ýewropanyň gaýtadan işleýiş ulgamlary ykdysadyýete her ýyl 4,1 milliondan 5,7 million tonna çenli möhüm materiallary gaýtadan dolap getirmegi başarar. Bu bolsa ilkinji gezekki çig malyň möçberiniň üçden bir böleginden tä ýarysyndan gowragyna çenlisiniň ornuny tutmaga we daşary ýurtlardan getirilýän harytlara bolan garaşlylygy azaltmaga mümkinçilik berer.

Geçirilen işleriň netijelerinden biri hem täze baha beriş usulyýeti boldy. Bu usul galyndylaryň düzümindäki materiallary we gaýtadan işlenenden soň hakykatda gazanylyp bilinjek çig malyň möçberini aýratynlykda hasaba almaga şert döredýär.

Gözlegiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda Ýewropa bazaryna takmynan 5,2 million tonna möhüm materiallar gelip gowuşdy. Galyndylaryň düzüminde 2,1 million tonna material bolan bolsa-da, şolaryň diňe 1,4 million tonnasyny dikeltmek başartdy. 2050-nji ýyla çenli bazardaky şeýle materiallaryň möçberi her ýyl 8,4–12,2 million tonna çenli, olaryň dikeldilip bilinjek potensial möçberi bolsa 4,7–5,7 million tonna çenli ýokarlanyp biler.

Gözlegiň awtorlary gaýtadan işlemegiň howa şertlerine bolan täsirini hem belleýärler. Olaryň hasaplamalaryna görä, ikilenç çig malyň ulanylmagy her ýyl 273 million tonna çenli CO₂ ekwiwalentindäki zyýanly gazlaryň howa bölünip çykmagynyň öňüni alyp biler.

Hasabatda maglumatlary ýygnamak ulgamyny kämilleşdirmegiň, gaýtadan işleýiş kuwwatlyklaryna baha bermegiň takyklygyny ýokarlandyrmagyň we galyndylaryň eksportyna gözegçiligi gowulandyrmagyň zerurdygy nygtalýar. Taslamanyň çäklerinde döredilen maglumatlar binýadyny we analitik gurallary Ýewropanyň çig mal serişdelerine uzak möhletleýin gözegçilik etmek hem-de üpjünçilik zynjyrynyň durnuklylygyny berkitmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.


düýn 16:02
877

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......