Tramp polada we alýumine salynýan gümrük paçlaryny iki esse ýokarlandyrdy

  • 07.06.2025 11:29
  • 7.1k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp polada we alýumine salynýan gümrük paçlaryny 25%-den 50%-e çenli ýokarlandyrmak barada permana gol çekdi. Ol bu karary ýurduň milli howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy bilen düşündirdi. Onuň sözlerine görä, ABŞ-nyň bu materiallaryň importyna bolan garaşlylygy milli howpsuzlyga howp salýar.

Ýokarlandyrylan nyrhlar çarşenbe gününden güýje girdi.

«Men polada we alýumine salnan ozalky nyrhlary ýokarlandyrmagyň zerurdygyna karar berdim. Şunda polat, alýumin we olardan taýýarlanylýan önümleriň importyny şeýle tertibe salmaly, ol ýurduň howpsuzlygyna howp salmaz ýaly bolmaly» — diýip, Ak tamyň resmi web sahypasynda çap edilen permanda aýdylýar.

Tramp täze gümrük paçlarynyň beýleki ýurtlaryň bazardaky bahany aşaklatmak arkaly bäsdeşligi bozmagynyň (dempingiň) öňüni almaga hem-de amerikan öndürijileriniň ýagdaýyny berkitmäge kömek etmelidigini belläp geçdi. Täze nyrhlar diňe çig mala däl-de, eýsem, polat bilen alýuminden taýýarlanýan önümlere-de degişli bolar.
Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa bu düzgünlerden daşda galar. Munuň sebäbi, maý aýynda ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň arasynda baglaşylan söwda ylalaşygydyr. Ylalaşyga laýyklykda, britan poladyna we alýuminine salynýan nyrhlar öňküsi ýaly 25% derejesinde galar.
Gümrük paçlarynyň ýokarlanmagy amerikaly kärhanalaryň çykdajylarynyň artmagyna getirip biler diýlip garaşylýar, sebäbi daşary ýurtlardan getirilýän materiallar has gymmada düşer. Gysga wagtda bu ýagdaý daşary ýurt üpjünçiligine garaşly kompaniýalaryň işini kynlaşdyryp biler, sebäbi içerki önümçiligi güýçlendirmek wagty hem maýa goýumlary talap edýär.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......