Serdar Berdimuhamedow Türkiýe bilen energetika hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady

  • 20.03.2025 08:10
  • 4k+

19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geldi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir we ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, maýa goýumlar pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow tebigy we uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň Türkiýe bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, türkmen gazynyň Türkiýe Respublikasyna iberilmegi, şol ýerden bolsa beýleki isleg bildirýän ýurtlara çykarylmagy häzirki döwürde möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Mundan başga-da, türk kompaniýalary tarapyndan Hazar deňziniň türkmen kenarynda birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurulmagy netijesinde türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna hem-de beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça hem türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge, netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......