Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerine bagyşlanan ilkinji sergi geçirilýär

  • 07.05.2025 12:09
  • 6k+

5–7-nji maý aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülistan welaýatynyň Gürgen şäherindäki Halkara sergi merkezinde Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň ilkinji sergisi geçirilýär. Bu barada Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasy sosial ulgamlarda habar berdi.

Sergä Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryny görkezýän 50-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Serginiň maksady – ýurduň tehniki, senagat, hyzmat, oba hojalyk we eksport mümkinçiliklerini tanyşdyrmakdan ybarat.
Türkmen kompaniýalary sergide dokma we azyk önümlerinden başlap, nebit-himiýa we gurluşyk serişdelerine çenli dürli önümleri giň gerimde görkezýärler.


şu gün 08:45
418

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Adam hukuklary boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda gepleşikler geçirildi...

düýn 20:23
1.3k+

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň...

düýn 20:06
7.5k+

Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi...

düýn 15:54
4.3k+

Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär...