Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisi geçiriler

  • 12.04.2025 10:27
  • 5.2k+

2025-nji ýylyň maý aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini guramak meýilleşdirilýär. 11-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurduň arasynda söwda dolanyşygyny has-da artdyrmak hem-de Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri bilen goňşy ýurduň işewürlerini, sarp edijilerini giňişleýin tanyşdyrmak üçin geçiriljek sergä milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň eksporta niýetlenen harytlary bilen gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......