Hytaýyň eksport çäklendirmeleri Ýewropadaky birnäçe awtoulag zawodynyň işini togtatdy

  • 07.06.2025 11:18
  • 6.1k+

Ýewropadaky birnäçe awtoulag zawody we önümçilik tapgyrlary seýrek ýerüsti elementleriniň ýetmezçiligi sebäpli, işini togtatmaga mejbur boldy. Munuň sebäbi bolsa, Hytaýyň bu çig mallaryň eksportyna girizen çäklendirmeleri boldy diýip, Ýewropanyň «CLEPA» awtokomponentler assosiasiýasyna salgylanyp, «Reuters» agentligi habar berýär.

CLEPA-nyň maglumatlaryna görä, aprel aýynyň başyndan bäri, awto üpjün edijiler ýüzlerçe eksport ygtyýarnamasy üçin ýüz tutdy, emma olaryň diňe dörtden biri tassyklandy. Käbir ýüzlenmeler «aşa prosedura sebäpleri» esasynda ret edildi.

«Talaplar welaýatlara görä üýtgeýär, käbir halatlarda intellektual eýeçilik bilen baglanyşykly maglumatlar hem soralýar» — diýip, CLEPA belläp geçdi. Şeýle hem assosiasiýa eger bu proseduralar ýönekeýleşdirilmese, öňümizdäki 3-4 hepdäniň dowamynda ätiýaçlyk serişdeleri gutaranda, has köp zawodyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurdy.

Hytaý aprel aýynda seýrek ýer elementleriniň köpüsiniň eksportyny wagtlaýyn togtatdy. Bu ýagdaý dünýä boýunça awtoulag we aerokosmos pudaklary, ýarymgeçiriji önümçiligi, şeýle-de harby potratçylar üçin örän möhüm bolan üpjünçilik zynjyrlaryna zyýan ýetirdi.
Germaniýanyň, ABŞ-nyň we Hindistanyň senagat birleşikleri syýasatçylary bu mesele boýunça çäre görmäge we Hytaý bilen tiz wagtda çözgüt tapmak üçin gatnaşyklary ýola goýmaga çagyrdylar.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....