Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi

  • 26.05.2025 23:29
  • 3.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, hlorly natrini satyn aldylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz we nebit koksy ABŞ-nyň, BAE-niň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine satin matasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 290 million 656 müň 400 dollaryna deň boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 13 million 507 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), el halylaryny, aşgarlanmadyk nah matany we dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......