Hytaý dünýä söwdasy babatda ABŞ-dan öňe geçdi (infografika)

  • 16.04.2025 08:01
  • 6.9k+

Barlagçy Ehsan Soltaniniň ABŞ-nyň Ilat ýazuw býurosynyň we Hytaýyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna esaslanýan wizuallaşdyrmasy 2000-2024-nji ýyllarda dünýä söwdasyndaky özgerişlikleri görkezýär. Şol ýyllaryň dowamynda Hytaý daşary söwdasynyň möçberleri boýunça ABŞ-dan öňe geçdi we dünýäniň köp ýurtlary üçin esasy hyzmatdaşa öwrüldi.

2000-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň söwdasynyň möçberi 2 trillion dollar bolup, Hytaýyňkydan (474 milliard dollar) dört esse köp bolupdy. Şol döwürde Hytaý diňe Kuba, Eýran, Liwiýa, Mýanma, Mongoliýa, Demirgazyk Koreýa, Oman, Sudan, Tanzaniýa we Wýetnam ýaly birnäçe ýurt üçin esasy hyzmatdaşdy.
2024-nji ýyla çenli ABŞ-nyň söwda mukdary ortaça ýyllyk 4,2% ösüş bilen 167% ösdi. Hytaýyň ösüşi bolsa 1200%, ortaça ýyllyk ösüş depgini 11,3% boldy.
2024-nji ýylda ABŞ-nyň umumy söwda mukdary 5,3 trillion dollar, Hytaýyňky bolsa 6,2 trillion dollar boldy.
Hytaý Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Okeaniýanyň, Günorta Amerikanyň we Afrikanyň köp ýurtlary üçin esasy söwda hyzmatdaşyna öwrüldi.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......