Ford 150% gümrük pajy sebäpli Hytaýa awtomobil eksportyny togtadýar

  • 23.04.2025 00:44
  • 7.3k+

Ford 150%-e ýetýän ýokary gümrük nyrhlary sebäpli ABŞ-dan Hytaýa awtomobil ibermegini togtatdy.

Çäklendirme ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara, pikaplara we sportkarlara, şol sanda Miçiganda öndürilen F-150 Raptor, Mustang, Bronco modellerine we Kentukkiden Lincoln Navigator modeline degişli boldy.
Çözgüt ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň syýasatyna jogap hökmünde girizilen söwda çäklendirmeleri sebäpli kabul edildi. Bu çäreleriň awtoöndürijileriň we awtoulag şaýlary bilen üpjün edijileriň girdejilerini azaltmagyna garaşylýar.
Awtomobil eksportynyň togtadylandygyna garamazdan, Ford Hytaýa ABŞ-da öndürilen hereketlendirijileri we transmissiýalary ibermegini dowam etdirer. Hytaýda ýygnalýan Lincoln Nautilus modeliniň hem üpjünçiligi bes edilmez.
Belläp geçsek, Ford gümrük paçlaryndan o diýen uly zyýan çekmeýär, çünki kompaniýa ABŞ-da satylýan awtomobilleriň 80%-ini ýurduň içinde öndürýär. Ýöne dilerleriň içki hatlaryna görä, nyrhlar saklanan ýagdaýynda Ford täze awtomobilleriň bahasyny gymmatladyp biler.  


şu gün 12:31
455

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

şu gün 09:36
1.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......