Hytaý hemmelerden öňe geçip, dünýäde awtomobilleriň iň iri eksportçysy boldy

  • 06.01.2025 16:23
  • 15k+

Hytaý ilkinji gezek Ýaponiýadan we Germaniýadan öňe geçip, dünýäde iň uly awtoulag eksportçysy boldy. Gavekal Research-iň berýän maglumatlary Hytaý kompaniýalarynyň daşary ýurtlarda 4,7 milliondan gowrak awtoulag satandygyny görkezýär.

Eksportyň çalt ösmegi, esasanam Günorta-Gündogar Aziýanyň we Latyn Amerikasynyň bazarlarynda BYD we Chery ýaly hytaý brendleriniň üstünlikli giňelmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu markalaryň awtoulaglary elýeterli bahalary bilen alyjylary özüne çekýär.
Awtoulag serişdelerini iň köp eksport edýänleriň arasynda adatça Ýaponiýa (4,1 million) we Germaniýa (3,1 million) bar.
Hytaýdan tapawutlylykda, nemes awtoulag eksporty 2010-njy ýyllaryň ahyrynda pese gaçandan soň, täzeden dikelip bilmedi.


düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
2.9k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....