BMW ýene-de ABŞ-nyň iň uly awtoulag eksportçysy boldy

  • 09.03.2025 21:51
  • 7.2k+

BMW 2024-nji ýylda ABŞ-nyň iň uly awtoulag eksportçysy diýen derejäni täzeden eýeledi. «Carscoops» neşiriniň belleýşi ýaly, kompaniýanyň umumy eksportynyň bahasy 10,1 milliard dollara ýetdi.

Bu üstünlikdäki esasy orun Günorta Karolinadaky Spartanburg şäherinde ýerleşýän BMW zawodyna degişli. Bu kärhana X3, X4, X5, X6, X7 we XM kysymly SUV modellerini öndürýär we olary Ýewropa hem-de beýleki sebitlere eksport edýär. 2026-njy ýyldan başlap, bu ýerde BMW-niň ilkinji elektrikli modeli öndüriler, 2030-njy ýyla çenli bolsa jemi alty sany elektromobil çykarylar.
BMW-niň önümçilik ulgamyndaky iň uly zawod bolan Spartanburg kärhanasy erkin söwdanyň we üpjünçilik zynjyrlarynyň ösdürilmeginde möhüm rol oýnaýar. Bu ýagdaý kompaniýanyň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmek bilen bir hatarda, sebitiň ykdysadyýetine hem uly peýda getirýär.





18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......