Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 38 million dollardan geçdi

  • 31.03.2025 19:48
  • 3k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 127 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň telekeçileri biz we aşgarlanmadyk matalary, nah ýüplügini, pagta süýümini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 72 million 880 müň manada deň bolan gazbeton bloklary, binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem  dokma önümçiliginiň galyndylaryny, pagta süýümini, gaplama plýonkasyny, nah ýüplügini satyn aldylar. 


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......