Geçen hepdede Türkmenistanyň birža söwdalarynda nebit, dokma we himiýa önümleri satyn alyndy

  • 24.03.2025 12:40
  • 2.7k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 77 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen natriý hloridini we portlandsementi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Serbiýanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni, aşgarlanmadyk matalary, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlaryny, aşgarlanmadyk nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 10 million 446 müň manada deň bolan polipropileni, gaplaýyş plýonkasyny (“Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasy), pagta süýümini satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......