ABŞ we Hytaý paç arakesmesini 2025-nji ýylyň noýabryna çenli uzaltdy

  • 13.08.2025 15:19
  • 8.8k+

ABŞ we HHR 12-nji awgustda tamamlanýan paç arakesmesiniň hereket edýän wagtyny ýene 90 gün uzaltmak barada ylalaşdy. Stokgolmda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça taraplaryň bilelikdäki beýannamasy Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan neşir edildi.

Beýannama görä, Waşington we Pekin gümrük paçlarynyň hasabyna üýtgeşme girizmäge we 24 göterim paçlary iş ýüzüne geçirmegi ýene 90 gün – 2025-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli uzaltmaga borçlandy. Şol bir wagtyň özünde on göterim gümrük paçlary saklandy.
Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda şertnama gol çekilendigini tassyklady.

“Men şu wagt Hytaý üçin gümrük paçlaryň togtadylmagyny ýene 90 gün uzaltjak ýerine ýetiriji permana gol çekdim. Şertnamanyň galan ähli bölegi öňküligine galar” – diýip, ABŞ-nyň Prezidenti ýazdy.  

Ak tam bu ädimiň söwda deňsizligini aradan aýyrmaga, amerikan eksportynyň daşary ýurt bazarlaryna elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen öndümli gepleşikleri dowam etdirmek üçin zerurdygyny belledi.
Iýul aýynyň ahyrynda Stokgolmda geçirilen gepleşikler çekeleşikleri düzgünleşdirmegi we söwda urşunyň has güýjemeginiň öňüni almagy maksady edinýän ýokary derejeli geňeşmeleriň üçünji tapgyry boldy.
ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar 2025-nji ýylda Donald Trampyň administrasiýasy HHR-den import üçin paçlary ýokarlandyrmak barada çözgüt kabul edenden soň ýitileşdi. Fewral aýyndan hytaý harytlary üçin gümrük paçlary aprel aýyna çenli 10%-den 104%-e çenli ýokarlandy, goşmaça çäreleri göz öňünde tutsaň – 145%-e çenli. Hytaý hem amerikan harytlary üçin paçlary 125%-e çenli ýokarlandyrdy.


düýn 07:31
1.2k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

17.05.2026 15:44
8.9k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

16.05.2026 09:58
8k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......