Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 21% artdy

  • 20.06.2025 11:01
  • 5.1k+

Sankt-Peterburgda geçirilen Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde (PIEF-2025) Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň hökümetara toparynyň egindeş başlyklary — Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Marat Husnullin duşuşyk geçirdiler.

Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Marat Husnullin bu duşuşygyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 21,4% ýokarlandy. Häzirki wagtda taraplar 2025–2027-nji ýyllar üçin hökümetara çäreleriň meýilnamasyny taýýarlaýarlar.
Duşuşykda wise-premýerler söwda, energetika, senagat, oba hojalygy, medeniýet we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şol sanda Türkmenistan arkaly Hytaýa barýan ugry hem-de Wolga-Hazar kanaly taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljekki taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy portuna çykalgasy bolan Wolga-Hazar kanaly hem-de «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çägindäki «Hazaryň gündogar aýlawy» ugry görkezildi.
Nökerguly Atagulyýew hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli dowam etdirilmegine taýýardygyny aýtdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......