Altynyň bahasy ilkinji gezek bir troý unsiýasy üçin $3400-den geçdi

  • 21.04.2025 13:24
  • 3.2k+

Altynyň bahasy gymmatlamak babatda taryhy derejelerine ýetmegini dowam edýär. Nýu-Ýorkdaky Comex biržasynyň maglumatlaryna görä, altynyň iýun aýy üçin fýuçers bahalary bir troý unsiýasy üçin 3400,5 dollara çenli ýokarlandy.

Aprel aýynyň dowamynda altynyň bahasy yzygiderli rekord täzeläp gelýär. Ozalky rekord (3301,4 dollar) geçen hepde, 16-njy aprel güni hasaba alnypdy.
Bahalaryň ýokarlanmagy bilen baglylykda, Goldman Sachs altynyň bahasy boýunça çaklamasyny täzeledi. Kompaniýa altynyň bahasynyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bir unsiýasy üçin 3700 dollara çenli ýokarlanjakdygyny aýdýar.
Dünýäniň spot-bazarynda altynyň bahasynyň ýokarlanmagyna, esasan, ABŞ-nyň ykdysadyýetinde peselmeleriň bolup biljekdigi bilen bagly aladalar sebäp bolýar. Bu ýagdaý bolsa ýurduň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan alnyp barylýan daşary söwda syýasatynyň netijesinde ýüze çykýar.


22.06.2026 16:02
1.4k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

17.06.2026 09:41
3.1k+

Bloomberg: Dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy bir günde rekord $336 mlrd artdy

15-nji iýunda Nýu-Ýork gazna biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça dünýäniň iň baý 500 adamynyň şahsy baýlygy 336 milliard dollar artdy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli......

15.06.2026 18:57
1.9k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

08.06.2026 17:39
2.3k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....