Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda 47,4 mln dollarlyk geleşik baglaşyldy

  • 02.12.2024 11:40
  • 2.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 469 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri az kükürtli ýangyç mazudyny, yşyklandyryş kerosinini, suwuklandyrylan gazy (“Türkmennebit” döwlet konserni), karbamidi (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň telekeçilerine el halylary, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni we binýatlyk ýagy (“Türkmennebit” döwlet konserni), float aýnasyny, portlandsementi, gaplama plýonkasyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 222 müň 870 dollaryna deň we 15 million 362 müň manatdan gowrak boldy diýip, resmi metbugatda habar berilýär.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......