Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri: jemi 31 geleşik

  • 21.10.2024 22:34
  • 3.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy. Jemi 31 sany geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Türkiýäniň we Ukrainanyň işewürleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. 
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň telekeçilerine jins we tikinçilik önümleri, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, portlandsement, şeýle hem gazlandyrylan mineral suwlar, gazlandyrylan alkogolsyz içgiler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 290 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 21 million 264 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny we nah ýüplügi satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......