BMG ilkinji gezek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününi belläp geçdi

  • 07.08.2025 16:33
  • 5k+

6-njy awgustyň “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýörite brifing geçirildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen aýda kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, bu şanly sene şu ýyldan başlap her ýyl belleniler. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hazaryň kenarynda geçirilýän üçünji maslahatynyň dowamynda 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenildi.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary hanym Rabab Fatima Awazada geçirilýän giň wekilçilikli halkara maslahatyň çäklerinde bu taryhy güni dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hyzmatdaşlar bilen ilkinji gezek bellemegiň özi üçin belent mertebe hem-de uly şatlykdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bu halkara güni ilkinji gezek bellemegiň biziň ýurdumyz üçin uly hormatdygyny aýtdy.

“Bu gün diňe bir şanly sene däldir. Ol okgunly hereket etmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografiýa taýdan uzakda ýerleşýändikleri hem-de deňze göni çykalganyň ýoklugy sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin päsgelçiliklerine ählumumy derejede düşünilmegini çuňlaşdyrmaga çagyryşdyr. Bu meseleler barada bilelikdäki sesimiziň has belent ýaňlanmagyna, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere dünýä ykdysadyýetine doly derejede gatnaşmaga mümkinçilik berjek netijeli çözgütleri ilerletmäge hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga çagyryşdyr” diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Çykyş edenler durnukly ösüşiň, geografiýa taýdan ýerleşýän sebitine garamazdan, ähli ýurtlaryň ählumumy hukugy bolmalydygy baradaky pikiri beýan edip, yglan edilen bu halkara güni diňe bir habarlylyk üçin däl-de, has ýakyn köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere zerur bolan halkara goldawy we maýa goýumlary üpjün etmek üçin peýdalanmaga çagyrdylar.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......