Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde “Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler” atly çäre geçirildi

  • 07.08.2025 12:24
  • 2.4k+

6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler” atly çäre geçirildi. Bu çäre BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti we Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Çärä deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, iri maliýe edaralarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumda geografik taýdan ýerleşmegine degişli meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlaryň ösüşinde sanly tehnologiýalaryň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, häzirki sanly tehnologiýalar eýýamynda maglumatlara, internete hem-de innowasion çözgütlere elýeterlilik durnukly we inklýuziw ösüşiň esasy şerti bolup çykyş edýär. DÇBÖBD üçin sanly özgertmeler geografik çäklendirmeleri aşmagyň, täze ykdysady mümkinçilikleri döretmegiň we dünýä bazarlaryna çykmagyň ýoludyr.
Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima sanly söwdanyň we hyzmatlaryň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmekde möhüm gurala öwrülip biljekdigini belledi. Şeýle hem Baş sekretaryň orunbasary ykjam we sanly hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmekde gender deňliginiň we inklýuziwligiň möhümdigini nygtap, şu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Awaza maslahatynyň amatly meýdança bolup hyzmat edýändigini belledi.
Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Telekommunikasiýa ösüşi býurosynyň direktory Kosmas Zawazawa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde arabaglanyşygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeler barada durup geçdi.
Forumyň dowamyndaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler durnukly ykdysady ösüş ýolunda käbir meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Deňze göni çykalganyň bolmazlygy ulag we aragatnaşyk bilen baglanyşykly kynçylyklary döredýär. Muňa garamazdan, sanly aragatnaşyk bu döwletler üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwrebap sanly infrastrukturanyň we hyzmatlaryň ösdürilmegi bu ýurtlara bar bolan päsgelçilikleri aradan aýryp, dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär.
Ykdysady işiň sanlylaşdyrylmagy DÇBÖBD-niň halkara söwda işjeň gatnaşmagyna ýol açýar. Mundan başga-da, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulag we logistika ulgamlarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti hökmünde bellenildi.
Mundan başga-da, awtomobil ýollary we portlar ýaly infrastrukturalaryň hem işini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Sanly söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, gümrük gulluklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy üstaşyr söwdany ösdürmäge ýardam berýär.
Maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde sanly ulgamy ösdürmek boýunça birnäçe ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda durmuşa geçirilmeli tagallalar 5 sany ileri tutulýan ugry öz içine alýan Hereketleriň Awaza maksatnamasyna laýyk gelýär. Şol ileri tutulýan ugurlaryň biri hem düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnologiýalar we innowasiýalardyr. 
Şeýle hem forumyň dowamynda «Partner2Connect» başlangyjy hem-de Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň sanly infrastruktura maýa goýumlary boýunça başlangyjy bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, «Partner2Connect» başlangyjy serişdeleri herekete getirmek, hyzmatdaşlyga ýardam bermek, öňdebaryjy tejribäni alyşmak hem-de mümkinçilikleri ösdürmek üçin dürli taraplaryň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilip, maýa goýumlary we tehniki bilimleri çekmek, şeýle hem berk hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin netijeli platforma bolup durýar.
“Durnukly we ygtybarly ulag ulgamlaryny döretmek” atly mejlisde ekologiýa taýdan durnukly ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi, şeýle hem strategiýalar we maslahatlar beýan edildi.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, netijeli, durnukly we integrirlenen ulag ulgamlaryny ösdürmek üçin innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......