Antoniu Guterriş Awazada maslahatyň açylyşynda özgertmelere çagyryş bilen çykyş etdi

  • 05.08.2025 11:53
  • 9.2k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dabaraly açylyşynda çykyş etdi.

Maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň hökümetine we halkyna minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň halkara dialog üçin amatly şertleri döretmäge edýän tagallalaryny aýratyn belläp geçdi.
Ol BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy nygtap, ýurdumyzyň raýatsyzlyk meselelerine ynsanperwer çemeleşýändigi üçin ýokary baha berdi. Ol dünýäde millionlarça adamyň resminamalardan we hukuklardan mahrum bolýan wagty, Türkmenistanyň öz çägindäki ähli raýatsyz adamlara raýatlyk berip, olaryň hukuklaryny gorandygyny aýtdy.
Antoniu Guterriş çykyşynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň iki esse adalatsyzlyga duçar bolýandygyny aýratyn nygtady:

— Olar ösüş derejesi pes ýurtlar bolmak bilen birlikde, deňze çykalgasy bolmazlygynyň hem agyr netijelerine sezewar bolýarlar. Bu ýagdaý olaryň söwda mümkinçiliklerini çäklendirýär, importy has gymmat edýär, eksportyň bäsdeşlige ukyplylygyny peseldýär we halkara bazarlara girişi kynlaşdyrýar — diýip, ol aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary häzirki halkara ykdysady we maliýe gurluşynyň köplenç ösüşi pes ýurtlaryň gatnaşmazlygynda Ikinji jahan urşundan soň emele gelendigini we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigini aýdyp, onuň täzeden gurulmagyna çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, borçlary ýeňilleşdirmek, ýeňillikli maliýeleşdirmäni artdyrmak we halkara maliýe institutlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek zerurlygy nygtaldy.
Şeýle hem, ol deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň haryt we hyzmatlarynyň erkin hereketine päsgelçilik edýän halkara düzgünleriniň we logistik bökdençlikleriň gaýtadan seredilmegine, diňe bu ýurtlaryň däl, eýsem olaryň goňşy döwletleriniň hem infrastruktura ulgamyna maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna üns çekdi.

— Bu maslahat taryhy ähmiýete eýe. Biz deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň meselelerini dünýä ösüşiniň gün tertibiniň merkezine çykarmaly. Bu ýurtlaryň yzda galmazlygy üçin halkara jemgyýetçiligi bilelikde hereket etmeli — diýip, Guterriş aýtdy.

Onuň sözlerine görä, maslahatda kabul edilen Hereketler Maksatnamasynda hem bu ýurtlaryň özleriniň, hem-de halkara hyzmatdaşlarynyň amala aşyrmaly çäreleri anyk kesgitlenýär.
Çykyşynyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretary Awazada geçirilýän maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri goldamak boýunça halkara tagallalaryň öwrüliş nokady bolmagyna we dünýäniň jebis hyzmatdaşlygynyň nusgasyna öwrülmegine uly umyt bildirdi.


düýn 23:33
4.5k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......

düýn 02:06
3.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

26.04.2026 09:48
1.9k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:03
3.3k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....