Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 05.08.2025 01:45
  • 13k+

4-nji awgustda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenbaşy şäherine geldi.

Belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Täjigistanyň Lideri iki doganlyk halkyň arasyndaky mizemez dostluga mahsus bolan aýratyn mähirlilik we dabaraly ýagdaýda garşylandy.
Prezident Emomali Rahmony Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Täjik Lideriniň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmagy, bu forumyň abraýyny has-da artdyrýar. Bu sapar diňe bir köptaraplaýyn başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin däl, eýsem iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem howa menzilinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi.


şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......