Türkmenistanyň we Çad Respublikasynyň diplomatlary hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

  • 11.08.2025 23:00
  • 1.7k+

9-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Çad Respublikasynyň daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - wekili Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda Çad Respublikasynyň wekiliýetine BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň wekiliýetleriniň şu ýyl Türkmenistan we Çad Respublikasy tarapyndan guraljak çärelere gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýeti nygtaldy.
Hanym Garfa hem öz gezeginde “Çad Connection 2030” taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň wekilleriniň çärelere gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda türkmen-çad gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......