Türkmenistan Efiopiýa bilen ulag pudagyndaky özara gatnaşyklary maslahatlaşdy

  • 04.08.2025 19:31
  • 1.8k+

4-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ulag pudagyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere garadylar.
Efiopiýa tarapy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň ýylyň başynda Addis Abeba amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp geçdi.
Duşuşykda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň ähmiýeti bellenildi.
Efiopiýa tarapy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Türkmenistanyň başlangyçlaryna gatnaşmaga islegini beýan etdi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň guralmagy we myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......