Türkmenistanyň Prezidenti Afrika, Aziýa we Kawkaz döwletleriniň liderleri bilen duşuşdy

  • 07.08.2025 13:49
  • 8.6k+

6-njy awgustda Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň tapgyry geçirildi.

Bu gepleşikler halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin netijeli meýdança hökmünde forumyň ähmiýetini tassyklady. Taraplar maslahatyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň, şol sanda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň degişli döwletleriň durnukly ykdysady ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Gambiýanyň wise-prezidenti Muhammed Jallow bilen geçirilen duşuşykda energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Gambiýanyň bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanmasy we ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Malawi döwletiniň wise-prezidenti Maýkl Biziwik Usi bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan tarapyndan energetika, oba hojalygy, lukmançylyk, bilim we ylmy barlaglar ýaly ugurlarda gatnaşyklary ýola goýmagyň taýýarlygy tassyklanyldy.

Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaý Maýga bilen duşuşykda suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmak we hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
San-Tome we Prinsipi döwletiniň Prezidenti Karluş Manuel Vila-Nova bilen duşuşykda taraplar BMG-niň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Şol sanda bu ada döwletiniň syýahatçylyk mümkinçilikleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja bilen geçirilen duşuşykda syýasy, ykdysady we energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri gözden geçirildi. Serdar Berdimuhamedow Ugandanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça anyk tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny we Türkmenistanyň gazhimiýa hem beýleki senagat pudaklarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.
Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli bilen geçirilen duşuşykda ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy we ylym ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklara gatnaşyjy döwletleriň wekilleri Türkmenistanyň maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirýändigi üçin minnetdarlyk bildirdiler.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......