7-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde daşary ýurtlaryň wekiliýetleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane bilen geçirilen duşuşykda diplomatlar Türkmenistan bilen Lesoto Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan ýakyn wagtda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga iki ýurduň gyzyklanmasy beýan edildi.
Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsa bilen duşuşykda ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Portugaliýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Izabel Ksawýer bilen duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Portugaliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki gatnaşyklara garaldy.
Diplomatlar okeanografiýa, sanlylaşdyrma we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan Ana Izabel Ksawýer türkmen tarapyny şu ýyl Portugaliýada geçiriljek Web Sammit 2025 maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.