Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

  • 05.08.2025 01:38
  • 11k+

4-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedov BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Gazagystanyň Prezidentini Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedow garşy alyp, halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin dostlukly döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

— Bu abraýly maslahata gatnaşmak meniň üçin uly hormatdyr — diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belledi hem-de Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň dowamynda kabul ediljek çözgütleriň üstünlikli durmuşa geçiriler diýip ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen bu halkara forumyň netijeleri ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, döwletleriň sazlaşykly ösmegine, halklaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine hyzmat eder.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......