Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

  • 07.08.2025 22:58
  • 4.9k+

7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary we iň ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar şu ýylyň aprel aýynda geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» sammitiniň ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da, taraplar Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasynyň çäginde energetika we ulag geçelgelerini ösdürmek, sanlylaşdyrma we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar «Türkmenistan – ÝB» bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň yzygiderli işiniň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
ÝB-niň wekiliýeti myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede guralandygyny belledi.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......