Türkmenistan Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi

  • 06.08.2025 13:57
  • 4.5k+

5-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Awazada ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekmek dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň arasynda diplomatik, ykdysady we ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda şulary görkezmek bolar:

  • Türkmenistan bilen Burkina-Faso döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda protokol;
  • Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýmak baradaky protokol;
  • Türkmenistan bilen Malawi Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda protokol;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky şertnama;
  • Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) arasynda sanly özgertmeler arkaly sebitleýin gatnaşyklary we “akylly” gümrük ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen tehniki kömek taslamasy hakynda resminama;
  • Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen durnukly jemgyýetleri goldamak boýunça BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen Türkmenistanyň arasynda 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy.

Bu çäre Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy we sebitleýin gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek görkezdi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......