Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi

  • 08.08.2025 17:50
  • 4.8k+

7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşuşygy geçirildi. Oňa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, duşuşygyň tejribe alyşmak, çözgütleri işläp taýýarlamak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin özboluşly meýdança bolup durýandygyny belledi. BMG zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň geljege goýulýan maýa goýumlardygyna berk ynanýar. Bu tagallalar geljekde uly ykdysady bähbitleri getirer.
Rabab Fatima Hereketleriň Awaza maksatnamasynda gender deňligini üpjün etmek boýunça wezipeleriň göz öňünde tutulandygyny we olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň DÇBÖBD-de zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini oňyn çözmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigine ünsi çekip, munuň öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, halkara gatnaşyklarda ýaşlaryň we zenanlaryň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, zenanlar häzirki we geljek nesilleriň öňünde jogapkärli, ynsanperwer wezipäni ýerine ýetirýärler. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän zenan ýolbaşçylaryň forumy hem durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylygy, ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde zenanlaryň mümkinçiliklerini açmaga itergi berýär.
Duşuşygyň barşynda 
Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned, Parlamentara Birleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikailowa, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç dagy çykyş etdi.
Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.

“Maşgala gymmatlyklary diňe bir ýakyn adamlary baglanyşdyrýan kadalar bolman, eýsem, terbiýäniň hem esasyny düzýär. Bu gymmatlyklar adamy şahsyýet hökmünde kemala getirmekde wajyp orun eýeläp, maşgalany, umuman, jemgyýeti pugtalandyrmaga ýardam berýär” diýip, gaznanyň wise-prezidenti aýtdy we Türkmenistanda zenanlaryň ähli ulgamlarda, şol sanda ylymda, bilimde, medeniýetde, hususy pudakda zähmet çekýändiklerini, döwlet häkimiýeti edaralarynda ýolbaşçy wezipelerde işleýändiklerini belledi.
“Biz öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de alyşmak üçin halkara hyzmatdaşlyga açykdyrys. Sagdyn nesli kemala getirmek üçin zenanlara, olaryň beden we ruhy saglygyna aýratyn üns bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary üçin şertleri döretmek zerurdyr. Eneligi, çagalygy goramak, maşgala gymmatlyklaryny berkarar etmek, zenanlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar” diýip, gaznanyň wise-prezidenti sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň kanunçylygynda köp çagaly maşgalalara durmuş goldawynyň göz öňünde tutulýandygyny, zenanlaryň hukuklarynyň kepillendirilýändigini aýratyn belledi.

Çykyş edenler zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini we hukuklaryny giňeltmegiň durnukly ykdysady ösüş üçin zerur şert bolup durýandygyny, şoňa görä-de, her bir zenanyň öz döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän gurşawy döretmek üçin döwlet düzümlerinden başlap, hususy ulgama, raýat jemgyýetine çenli ähli derejelerde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassykladylar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda zenanlaryň syýasy çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagynyň has inklýuziw netijeleri gazanmaga ýardam berýändigi bellenildi. Çykyş edenler öz ýurtlarynda bu ugurda durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdylar.
Forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Bu resminamada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýan zenan ýolbaşçylar gender deňliginiň, zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň we durnukly ösüşiň aýrylmaz arabaglanyşygyny, şeýle hem inklýuziw ösüşe ýardam bermek üçin DÇBÖBD-de zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini üpjün etmegiň zerurdygyny ykrar etmek bilen, ähli ýolbaşçylary hem-de gyzyklanma bildirýän taraplary durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge deňhukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek ugrunda zerur çäreleri görmäge çagyrýarlar.


düýn 18:53
15k+

Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazarda betbagtçylyga uçran eýran ýük gämisindäki adamlaryň dadyna ýetişdi

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki kenar gulluklary betbagtçylyga uçran Rona atly eýran ýük gämisindäki 14 adamyň ählisini halas etdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, betbagtçylyga uçran gämi SOS signalyny beripdir...

13.01.2026 15:21
2.1k+

Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi bilen 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

13.01.2026 15:18
5.2k+

Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

13.01.2026 12:26
3.3k+

BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir...