BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi

  • 07.08.2025 17:53
  • 3k+

6-njy awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi.

Bütindünýä Söwda Guramasy tarapyndan guralan “Halkara ulag geçelgelerinde resminamalaryň dolanyşygyny sanly ulgama geçirmek” atly mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady ösüşi we integrasiýasy üçin möhüm meselelere, hususan-da, halkara ulag geçelgeleriniň işinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Ýer we suw serişdeleri hem-de söwda ugurlarynda toplumlaýyn çözgütler üçin maliýe serişdelerini çekmek mowzugyna bagyşlanan çärede özara baglanyşykly bu üç ugruň DÇBÖBD-de durnukly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, bu ýurtlarda, köplenç, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, suwuň tygşytsyz ulanylmagy, howanyň üýtgemegi, ýerleriň ekin üçin ýaramsyz bolmagy ýaly meseleler ýüze çykýar. Munuň özi azyk howpsuzlygyna, ekoulgamyň durnuklylygyna we ilatyň umumy abadançylygyna oňaýsyz täsir edýär. Bu meseleleriň çözgüdi ýer, suw we söwda arasyndaky baglanyşyklary göz öňünde tutýan toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýär. Şeýle çylşyrymly çözgütleriň durmuşa geçirilmegi möhüm maliýe çeşmelerini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlary maliýeleşdirmegiň mehanizmlerini öwrenmek, döwlet we hususy çeşmelerden maýa goýumlary çekmek boýunça teklipler beýan edildi.

BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy tarapyndan guralan sebitleýin oba hojalyk barlag merkezleri boýunça maslahatlaşma bu merkezleriň DÇBÖBD-de oba hojalygynyň durnukly ösüşini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralan “Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi” atly ugurdaş çäre ady agzalan meýilnamada kesgitlenen maksatlary durmuşa geçirmek hem-de DÇBÖBD we olaryň hyzmatdaşlarynyň arasynda has netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin tagallalary birleşdirmegi maksat edinýär.

“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özgerişi üçin ýaş startap başlangyçlary” atly mejlisde ýaş telekeçileriň innowasion mümkinçilikleri we DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerini ösdürmekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmäge goşantlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Oba hojalygynyň haryt pudagyny yzygiderli özgertmek üçin döwlet-hususy maýa goýum modeli» atly ugurdaş çäre DÇBÖBD-de oba hojalygyny durnukly ösdürmek we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin döwlet hem-de hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy.

“Buzluklaryň eremegi we beýleki meseleler: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere täsir edýän howa meseleleriniň derňewi” atly çärede DÇBÖBD-niň howa töwekgelçiligi baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmak we olary çözmek üçin utgaşdyrylan strategiýalary işläp düzmek barada pikir alşyldy.

Infrastrukturalara maýa goýum maliýe serişdeleri boýunça maslahatlaşma DÇBÖBD-de durnukly we netijeli infrastrukturany kemala getirmekde maýa goýumlaryň möhüm orny barada pikir alyşmak üçin esasy meýdançalaryň biri boldy. Infrastrukturany ösdürmek diňe bir milli bähbitler üçin däl, eýsem, sebit derejesinde ykdysady ösüşi gazanmak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhümdir. Awtomobil ýollary, demir ýollar, köprüler, telekommunikasiýa we inženerçilik ulgamlary DÇBÖBD-ni sebit we dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan, ykdysady diwersifikasiýa goşant goşýan, täze iş orunlaryny döredýän we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrýan möhüm şertlerdir. Şunda maýa goýumlaryň ähmiýeti has-da artýar. Olar iri infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin uzak möhletli we durnukly maliýeleşdirmegi teklip edip, hususy pudak üçin has-da amatly şertleri döredip biler. Çykyşlarda DÇBÖBD-niň aýratyn zerurlyklaryna laýyklykda, şeýle gaznalaryň döredilmegi we netijeli işlemegi barada teklipler beýan edildi.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasyndaky arabaglanyşygy berkidýän täze tehnologiýalara bagyşlanan çärede sanly we beýleki häzirki zaman tehnologiýalaryň bu ýurtlaryň geografiki çäklendirmelerini ýeňip geçmek, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny ýeňilleşdirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini çaltlandyrmak üçin möhüm gural bolup durýandygy bellenildi.

BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi tarapyndan guralan “Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we durnuklylyk: Hereketleriň Kigali maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti” atly ugurdaş çärede bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň we ady agzalan meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini giňeltmek: durnukly geljek üçin bilelikdäki çözgütler” atly mejlisde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmegiň we hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine üns çekildi.

Umuman, günüň dowamynda geçirilen ugurdaş çäreler we olaryň dowamynda beýan edilenler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň giň durmuş-ykdysady mümkinçiliklere eýedigini, olaryň dünýä ykdysady giňişliginde mynasyp orny eýelemeginiň ählumumy ösüşe goşant goşup biljekdigini görkezdi.


düýn 18:04
4.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......