BMGÖM Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlylygyny beýan etdi

  • 04.08.2025 20:42
  • 4k+

4-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow BMG-niň Baş sekretaryň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Dolandyryjysynyň kömekçisi we Ýewropa we GDA üçin sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň çäginde Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda durnukly ösüş, sanly öwrülişik, ykdysady durnuklylyk, inklýuziw ösüş we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin milli tagallalary goldamakda BMGÖM-niň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Iwana Ziwkowiç hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we sebitleriň durnukly ösüşine gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge BMGÖM-iň ygrarlylygyny beýan etdi, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň (LLDC 3) üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......