Awazada forumyň çäklerinde Hususy pudagyň forumy öz işini dowam etdi

  • 07.08.2025 12:28
  • 3.1k+

6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Hususy pudagyň forumy öz işini dowam etdi.

“DÇBÖBD-niň ösüş mümkinçilikleri” atly mowzuklaýyn mejlisde bu ýurtlara öz mümkinçiliklerini strategik esasda ulanmak arkaly çalt ösýän dünýä ykdysadyýetinde durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga, olaryň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam berjek çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.
Durnukly ösýän senagata maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we munuň üçin zerur bolan täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. UNIDO BMG-niň senagat ösüşi boýunça ýöriteleşdirilen edarasy hökmünde DÇBÖBD-niň senagatlarynyň ekologiýa taýdan arassa ugurlarynyň ösdürilmegini goldaýar.
Düzümleýin özgertmeler, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, DÇBÖBD-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň hataryndadyr.
Şeýle hem energiýa çeşmelerine elýeterliligiň islendik ösüşiň binýady bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, durnukly energetiki çözgütleriň ulanylmagynyň, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Bu ugurda hususy pudak özgertmeleriň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýär. Işewürligiň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine, innowasion tehnologiýalara hem-de önümçilige maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmaga hem ýardam berýär.
Şeýle hem çykyş edenler DÇBÖBD-niň mümkinçiliklerini has doly derejede durmuşa geçirmek üçin amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmeginiň hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň, adam maýasyny ösdürmäge, innowasiýalary goldamaga we telekeçiler üçin maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmäge aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Umumy pikire görä, Hökümetleriň, hususy pudagyň we halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmegi DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglylykda ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini durnukly we inklýuziw ösüş üçin täze mümkinçiliklere öwürmäge ýardam berer. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, diňe bilelikdäki tagallalar bilen uzak möhletleýin ykdysady ösüş üçin amatly şertler üpjün edilip bilner.
BMG-niň Ählumumy şertnamasy bilen hyzmatdaşlykda guralan hem-de maliýeleşdirmäge we maýa goýumlara bagyşlanan mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin esasy meseleleriň birine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, maliýe serişdelerine elýeterliligiň giňeldilmegi DÇBÖBD-de ykdysady we infrastruktura meselelerini çözmegiň zerur şertleriniň biri bolup durýar. Şunda maliýeleşdirmegiň netijeli mehanizmleriniň döredilmegi durnukly we inklýuziw ösüşi üpjün etmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.
Soňra forum öz işini “Sanly ösüş” atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Mejlis Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Forum ýokary derejedäki jemleýji mejlis bilen tamamlandy. Mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge hususy pudagy işjeň çekmek arkaly bu ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Forumyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi.


şu gün 02:06
582

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 09:48
1.6k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:03
3k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

25.04.2026 13:45
15k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......