Türkmenistan we MAGATE 2025–2029-njy ýyllar üçin çarçuwaly maksatnamasynyň taslamasyny maslahatlaşdylar

  • 04.08.2025 20:07
  • 3.5k+

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen (MAGATE) 2025–2029-njy ýyllar üçin Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Türkmenistan üçin ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň taslamasynyň ylalaşylmagyny ara alyp maslahatlaşdy. Degişli gepleşikler 4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktorynyň orunbasary Lýu Huanyň arasynda geçirildi.

Bellenilişi ýaly ýakyn wagtda bu resminama gol çekmäge özara gyzyklanma bildirildi.
Duşuşykda şeýle hem hereket edýän maksatnamalara we taslamalara, hususan-da saglyk pudagynda MAGATE-niň hünärmen we tehniki mümkinçiliklerini çekmäge aýratyn üns berildi.
MAGATE-niň Baş direktorynyň orunbasary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini belläp, ýokary derejeli guramaçylyk we myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......