Awazada BMG-niň forumy öz işini plenar mejlislerde dowam etdi

  • 07.08.2025 17:44
  • 2.7k+

6-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty öz işini plenar mejlislerde dowam etdi.

Forumyň ikinji gününde dünýä bazarlarynyň elýetersizligi sebäpli, DÇBÖBD-niň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine päsgel berýän bökdençlikleri aradan aýyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen plenar mejlisleriň barşynda bellenilişi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahat deň mümkinçilikler barada ählumumy dialogy ilerletmekde möhüm tapgyrdyr. Foruma gatnaşyjy döwletlerden çykyş edenler ýygnananlary ileri tutulýan milli ugurlar we möhüm wezipeleri çözmekdäki garaýyşlary bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen birlikde, bu maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Çykyş edenler ulag infrastrukturasyny, şol sanda portlary döwrebaplaşdyrmagyň DÇBÖBD üçin esasy meseleleriň hatarynda durýandygyny belläp, bu işde ekologik abadançylygy üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, DÇBÖBD-niň ykdysadyýetleriniň dürli ugurlaryna, şol sanda logistika ulgamyna, infrastruktura hem-de üstaşyr geçirmegiň erkinligini üpjün etmäge maýa goýumlaryň çekilmegi bar bolan meseleleri oňyn çözmäge mümkinçilik berer.
Çykyşlarda DÇBÖBD-niň bähbitlerini nazara almak bilen ýurtlaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny goldamaga, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek işine goşulmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Plenar mejlislerde bellenilişi ýaly, geljek on ýyl üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy milli derejede kabul ediljek çäreleri, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalary hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegine gönükdirilen strategiýany öz içine alýar. Nygtalyşy ýaly, bu maksatnama deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň täze mümkinçilikleri babatda geljege gönükdirilen “ýol kartasyna” öwrülmelidir.


düýn 18:04
4.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......