Awazada DÇBÖBD-niň maslahatynda sanly ykdysadyýet, ýaşyl energetika we söwda geçelgeleri maslahatlaşyldy

  • 08.08.2025 19:59
  • 3.7k+

7-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde BMG-niň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň guramagynda birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. Olarda DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerini ösdürmek, durnuklylygy pugtalandyrmak bilen bagly meselelere garaldy.

Tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde özgertmeleri öňe sürmek mowzugyna bagyşlanan çärede durnukly özgertmeleri üpjün etmekde tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň eýeleýän möhüm ornuna üns çekildi. Hususan-da, ulag-logistika ulgamyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, “akylly” ulag ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagynyň ýük dolanyşygyny ýeňilleşdirmek we çaltlaşdyrmak arkaly söwda hem-de ýol çykdajylaryny azaltmaga ýardam berýändigi bellenildi. “Ýaşyl” tehnologiýalaryň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy, “ýaşyl” logistika çözgütleriniň ösdürilmegi barada hem çykyşlar diňlenildi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň guramagynda geçirilen “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ösüşe bolan hukugy durmuşa geçirmek” atly çärede bu ugurda öňde goýlan wezipeler bilen baglanyşykly pikir alyşmalar boldy.

“Afrikada ýerleşýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde azyk howpsuzlygyny berkitmek: durnukly azyk ulgamlaryny emele getirmek üçin hususy pudagyň maliýeleşdirilmegi, söwdanyň giňeldilmegi we sebitleýin integrasiýa” atly çäräniň dowamynda tutuş yklymyň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň Senagat ösüşi guramasy (UNIDO) tarapyndan guralan ugurdaş çärede deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde oba hojalyk pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça innowasion çözgütleri giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Durnukly ösüş üçin Gün energiýasyny giňeltmek arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde maýa goýumlary we innowasiýalary ornaşdyrmak” atly mejlis gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ykdysady ösüşe goşýan goşandyna bagyşlandy. Gün energiýasynyň elýeterliligini ýokarlandyrmagyň, energetiki geçişiň, “ýaşyl” tehnologiýalaryň DÇBÖBD üçin durnukly ösüş babatda döredýän mümkinçilikleri mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň esasyny düzdi.

“Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin döredýän mümkinçilikleri” atly mejlisde çykyş edenler ekologik durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara hukugyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri barada durup geçdiler.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ulag we söwdany ýeňilleşdirmek babatda BMG-niň hukuk gurallaryny ulanmak” atly ugurdaş çäre Milletler Bileleşiginiň binýadynda işlenip taýýarlanylan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ähmiýeti barada pikir alyşmak üçin esasy meýdançalaryň biri boldy.

“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde elektron söwda üçin institusional düzümler we sanly döwlet infrastrukturalary” atly mejlisde söwda ulgamynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine seredildi. 

“Utgaşykly milli maliýe çarçuwalary arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde maliýe ulgamy boýunça durnukly ösüşi üpjün etmek” atly ugurdaş çäre BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guralyp, onda maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we tagallalary birleşdirmek barada pikir alşyldy.

Bütindünýä Söwda Guramasy tarapyndan guralan “Ykdysady ösüş we söwdany ýeňilleşdirmek üçin ulag geçelgeleri” atly mejlisde ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň we halkara söwdanyň ösüşindäki möhüm ornuna üns çekildi.

“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly arabaglanyşyk” mowzugyna bagyşlanan ugurdaş çärede çykyş edenler bu ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň we halkara söwda ulgamyna goşulyşmagynyň öňde goýýan wezipeleri bilen baglylykda, durnukly arabaglanyşygy üpjün etmegiň ähmiýeti barada durup geçdiler.

“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri bütindünýä söwda ýollaryna birikdirmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen kenarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek” atly çäräniň gün tertibine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi.

Umuman, geçirilen ugurdaş çärelerde DÇBÖBD-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek arkaly ählumumy ösüşe goşant goşmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Olara gatnaşyjylar mejlisleriň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......