Türkmenistanda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy geçirildi

  • 07.08.2025 12:16
  • 2.5k+

6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly meselelerini çözmekde bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli platforma bolup durýandygyny belledi we häzirki şertlerde özara goldaw bermegiň hem-de raýdaşlyk bildirmegiň durnukly ösüşi we ykdysady integrasiýany ilerletmek üçin aýratyn möhüm bolup durýandygyny nygtady.
Rabab Fatima BMG-niň hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamagy dowam etjekdigini aýdyp, hemmeleri dialogy pugtalandyrmaga çagyrdy.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň hem-de üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde DÇBÖBD-de döwrebap tehnologiýalara we nou-haulara elýeterliligi üpjün etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Sanlylaşdyrma we innowasiýalar ulgamlarynda milli syýasaty kemala getirmegiň meselesine aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylar milli derejede ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we düzümleýin özgertmeleri tizleşdirmek üçin netijeli hukuk binýadyny döretmäge ýardam berýän toplumlaýyn strategiýalary işläp taýýarlamagyň hem-de ornaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Ylmy-tehniki we innowasion ugurlardaky syýasatyň beýleki ösüş strategiýalary bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň we ylmy jemgyýetçiligiň bu işlere gatnaşmagynyň üpjün edilmegi möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi.
Mejlise gatnaşyjylar ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde düzümleýin ykdysady özgertmelere hem-de sanly özgerişe kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, inklýuziw, durnukly we innowasion ugurly ykdysadyýetleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa, Latyn Amerikasy we Afrika ýurtlarynda geçirilen hem-de Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň ösüş meselelerini çözmekde üstünlikli mysallaryny görkezýän 5 sany mowzuklaýyn ylmy-barlag işleri tanyşdyryldy. Bu ylmy-barlaglar Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň dürli ugurlaryny beýan edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady özgertmeleri geçirmek, täze iş orunlaryny döretmek, inklýuziw ösüşi ilerletmek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin döwletara hyzmatdaşlygy netijeli ulanýandyklaryny görkezýär.
Umuman, mowzuklaýyn mejlis Günorta-Günorta we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tejribesiniň DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly meselelerini çözmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny hem-de ösüşiň durnukly we inklýuziw görnüşini döretmäge ýardam berýändigini görkezdi. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, institusional kuwwaty ýokarlandyrmagyň hem-de DÇBÖBD-de ykdysady ösüşi gazanmak üçin milli, sebitleýin we halkara derejelerde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy aglabasy Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda we Okeaniýada ýerleşýän, ösüp barýan ýurtlary birleşdirýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy öz taryhyny XX asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar. 1955-nji ýylda Bandung maslahatynda “Ählumumy Günorta” ýurtlary hyzmatdaşlygy we özara goldaw bermegi ugur edinýändiklerini yglan etdiler. Bu bolsa Goşulyşmazlyk hereketini kemala getirmek we Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin başlangyç boldy.
Häzirki wagtda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy oba hojalyk we senagatdan başlap, ylym-bilim, saglygy goraýyş, tehnologiýalar, infrastruktura we energetika ýaly ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurtlar öňdebaryjy tejribäni alyşýarlar, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirýärler hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, durnukly energetikany ösdürmäge, bilimiň we saglygy goraýşyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýärler.


düýn 18:04
4.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......