Raşid Meredow Awazada Kataryň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Awstriýanyň we UNIDO-nyň wekiliýetleri bilen duşuşdy

  • 07.08.2025 22:52
  • 8.7k+

6-njy awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalarynyň wekiliýetleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali ben Naser Al-Misnet bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy dialogy ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýaly özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Iki ýurduň arasynda gol çekilen resminamalary işjeň durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Malwajerd bilen duşuşykda ministrler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň bilelikdäki başlyklary hökmünde ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Hureýji bilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Fatu Haýdara bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alşyldy. Senagatlaşma we akylly şäher ösüşi pudagyndaky “ýaşyl çemeleşme” babatynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Arkadag şäherine berlen UNIDO-nyň minnetdarlyk şahadatnamasynyň durnukly senagat ösüşiniň we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň gazanylmagynyň çäginde Türkmenistanyň alyp barýan işlerine berilýän ýokary bahany alamatlandyrýandygy bellenildi.
Taraplar UNIDO-nyň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Döwlet sekretary Jozef Şellhorn bilen geçirilen duşuşykda diplomatlar iki ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzýän bitaraplygyň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini bellediler. Şu nukdaýnazardan, şu ýyl Awstriýanyň we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 70 we 30 ýyllygynyň ýubileý senelerine gabat gelendigi nygtaldy.
Diplomatlar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ikinji maslahatynyň Awstriýada geçirilendigi bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......