Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy

  • 05.08.2025 11:18
  • 3.4k+

4-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýang bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Filemon Ýang Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukuk kadalaryna ygrarlydygyny nygtady.
Taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly üçünji Kararnamasynyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsaTürkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasyna giň halkara goldawynyň aýdyň tassyklamasy boldy.
R.Meredow oňyn bitaraplygyň aýyrman tersine özara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýändigini we dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýandygyny nygtady.
Bäş günüň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ara alyp maslahatlaşmalar we konstruktiw hyzmatdaşlyk üçin platforma öwrüljekdigi bellenildi.


düýn 20:46
980

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......