Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň açylyşynda çykyş etdi

  • 05.08.2025 11:44
  • 9.1k+

“Awaza” Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edip, çykyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara we sebit ähmiýetli meseleler boýunça hormat goýulýan köptaraplaýyn dialogyň binýady bolup hyzmat edýändigini nygtady. Şeýle hem, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çemeleşmeleriň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy. Bu çemeleşmeler ulag ulgamynyň integrasiýasyny, energetika howpsuzlygyny, suw serişdelerini, azyk howpsuzlygyny we saglygy goraýyş ulgamyna elýeterliligi öz içine alýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahatyň halkara hyzmatdaşlyga güýçli itergi berjekdigine, döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli dialoga taýýardygyny görkezjekdigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara üstünlik arzuw edip, onuň netijeleriniň halkara hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşine berk binýat boljakdygyna ynam bildirdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......