Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy

  • 05.08.2025 01:22
  • 6.8k+

4-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Baş sekretar Antoniu Guterriş Türkmenistanyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin döreden mümkinçiliklerine we bu ugurdaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Ol munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin türkmen tarapynyň mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigini belläp, forumyň şowly geçmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler bu halkara çäräniň dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, özara arabaglanyşygy ýola goýmakda we ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Baş sekretar Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......