BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary goldamagy ählumumy jogapkärçilik diýip atlandyrdy

  • 05.08.2025 13:55
  • 5.8k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýang BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede guralandygy hem-de myhmansöýer kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna minnetdarlyk bildirdi.

Ol çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky aýratyn ornuna we sebitleýin hem-de ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmakdaky goşandyna ýokary baha berdi.
Filemon Ýang, şeýle-de, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren “Parahatçylyk ugrunda dialog” başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlen we öňdengörüjilikli teklipdigini belledi. Ol bu başlangyjy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we öňüni alyş diplomatiýany ösdürmek üçin möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdi.
Maslahatyň çäginde Awaza Hereketleriň Onýyllyk Maksatnamasy hödürlenildi. Bu maksatnama — dünýäde 570 milliondan gowrak ilaty bolan deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly ösüşini çaltlandyrmaga we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn meýilnama bolup durýar.

— Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary gury ýollar bilen birikdirilen ýurtlara öwürmek diňe şol döwletleriň işi bolman, eýsem halkara jemgyýetçiliginiň umumy jogapkärçiligidir — diýip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy belledi.

Maslahata 30-dan gowrak döwletiň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......