Awazada Ýaşlar forumynyň çäklerinde türkmen tarapyna Ýaşlar jarnamasy gowşuryldy

  • 06.08.2025 13:30
  • 5.8k+

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy geçirildi.

Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň ýaş wekilleri, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň barşynda BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Ýaşlar maslahat beriş toparynyň agzalarynyň ýardam bermeginde, Ýaşlar guramalarynyň halkara komiteti hem-de Çagalaryň we ýaşlaryň işleri boýunça esasy toparyň awtordaşlygynda, deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň ählisiniň ýaşlary bilen hemmetaraplaýyn geňeşmeler esasynda taýýarlanylan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasy tanyşdyryldy hem-de makullanyldy.
Bu Jarnama DÇBÖBD-de çözgütleri kabul etmek işine ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze Hereketler maksatnamasynyň wezipelerini hem-de maksatlaryny gazanmakda ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilip, ýaşlaryň has gowy geljek babatda garaýyşlaryny beýan edýär.
Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, ýaşlaryň özgertmeleriň we innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüdigini, olaryň pikirleriniň we parahatçylyga ymtylmalarynyň öz ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ýeňip geçmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de ýaşlary bu forumy tejribe alyşmak, innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ulanmaga çagyrdy.
Soňra BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang BMG-niň ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň ýokary hilli bilime, tehnologiýalara we mynasyp iş orunlaryna elýeterliligini, şeýle hem ähli derejelerde çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi we bilelikde has röwşen geljegi gurup boljakdygyna ynam bildirdi.
Forumyň dowamynda Rabab Fatima türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýda Ýaşlar jarnamasyny gowşurdy.
Forum «Ýaşlar üns merkezinde: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly mejlis bilen dowam etdi. Çykyş edenler häzirki zaman dünýäsinde ýaşlaryň eýeleýän esasy ornuna ünsi çekdiler. Şoňa görä-de, ýaşlaryň döwrebap bilim almaga hukuklaryny üpjün etmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek inklýuziw ösüş üçin möhüm ädim bolup durýar.
Çykyş edenler ýaş telekeçilerin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, galyndylary gaýtadan işlemek ulgamlary we ekologiýa taýdan arassa önümler ýaly durnukly tehnologiýalary döretmäge gönükdirilen startaplary işläp taýýarlaýandyklaryny we durmuşa geçirýändikerini bellediler.
Şeýle hem forumyň dowamynda «Landlinked» sergisiniň açylyşy we «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalaryna baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.
Sergide ýaşlaryň arasynda sanly telekeçiligi goldamaga gönükdirilen innowasion çözgütler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş işewürler öz ýurtlarynda duş gelýän möhüm meseleleri çözmäge ýardam berýän taslamalary bilen tanyşdyrdylar.


şu gün 02:06
1.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 09:48
1.6k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:03
3.1k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

25.04.2026 13:45
16k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......