Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji iýundan bäri ýogalanlaryň sany öňki aýlar bilen deňeşdirilende takmynan 1000 adam köp boldy.
Aşa yssy howalaryň dowamynda görkezijiler şeýle görnüşde üýtgedi:
24-nji iýun: Dürli sebäplere görä 1200-den gowrak ölüm hasaba alyndy.
25-nji we 26-njy iýun: Bu görkeziji gündelik 1400 ýagdaýdan geçdi (26-njy iýunyň maglumatlary entek deslapky bolup durýar).
Deňeşdirme üçin: Şu ýylyň aprel we maý aýlarynda ýurtda gündelik ortaça 900-den 1000-e çenli ölüm ýagdaýy hasaba alnypdy.
Ölüm görkezijileriniň iň netijeli ýokarlanmagy howanyň howpluluk derejesi iň ýokary, ýagny «gyzyl» diýlip yglan edilen Il-de-Frans, Täze Akwitaniýa, Bretan, Sentre – Wal-de-Luar, Normandiýa we Peýi-de-la-Luar sebitlerinde boldy.
Aýratyn-da öz öýlerinde ýogalan adamlaryň sany köpeldi. Agentligiň habar bermegine görä, ösüş ähli ýaş toparlarynda hem bar, ýöne hasaba alnan ýagdaýlaryň takmyndan 85%-i 65 ýaşdan uly adamlardyr.
Fransiýanyň köp sebitlerinde howanyň gyzgynlygy 40 °C-den geçenden birnäçe gün soň, 28-nji iýunda howa şertleri gowulaşyp başlady. «Météo-France» gullugynyň Parižde howanyň gyzgynlygy eýýäm 29 °C aşak düşdi.